HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy 3 sany boş iş orunlary üçin hünärmenleri işe çagyrýar

Ýanwar 17, 2024 | 13:07 |7936
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy aşakdaky 3 sany boş iş orunlary üçin hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy aşakdaky 3 sany boş iş orunlary üçin hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Çeşme: orient.tm

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy aşakdaky 3 sany boş iş orunlary üçin hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Iş ýeri: Aşgabat şäheri.

Iş wezipesi: Guýulary özleşdirmek boýunça inžener.

Bildirlýän talaplar:

Dalaşgärleriň hemmesi aşakdakylar barada doly maglumatlary we resminamalaryny bermeli:

Bilimi: Nebit we gaz çykarmak tehnologiýasy boýunça ýokary bilimli bolmaly.

Iş tejribesi: Nebit we gaz pudagynda 7 ýyl işlän bolmaly.

Dil başarnyklary: Gepleşikde we ýazuwda iňlis dilini erkin bilmeli.

Başarnyklary we ukyplary: «Lendmark» programma üpjünçilik toplumy, nasos-kompressor turbalaryndaky dartgynlylygyň seljermesi boýunça ýa-da deň derejeli inženerçilik programma üpjünçiligi boýunça bilimleri hem-de «MS Offiсe» (MS Word, MS Exсel) programmalaryny, enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça gurallary we programma üpjünçiligi bilmeli.


Iş ýeri: Gyýanly obasy

Wezipesi: Hünärmen (terjimeçi)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler aşakdakylar bilen baglanyşykly doly maglumatlary we tassyklaýjy resminamalary bermeli:

Bilimi: Lingwistika boýunça ýokary bilimli bolmaly.

Iş tejribesi: dilden/ýazmaça terjimeçi bolup azyndan 2 ýyllyk iş tejribesi bolmaly.

Dil bilimi: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp hem-de ýazyp bilmeli.

Başarnyklary we ukyplary: MS Office programmalaryny bilmeli.


Iş ýeri: Gyýanly obasy

Iş wezipesi: Zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçi.

Bildirlýän talaplar:

Dalaşgärler aşakdakylar bilen baglanyşykly doly maglumatlary we tassyklaýjy resminamalary bermeli:

Bilimi: Orta bilim hakynda şahadatnamasy ýa-da bilim hakyndaky deň derejeli resminamasy.

Iş tejribesi: Desgalarda howpsuzlyk tehnikasy boýunça gözegçi ýa-da şoňa meňzeş işdäki 1 ýyldan 3 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.

Dil bilimi: Iňlis, türkmen we rus dillerini bilmeli.

Ukyplary we başarnyklar: MS Office programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Maglumatlar şu e-poçta arkaly kabul edilýär: recruitment.tm@petronas.com ýa-da kompaniýanyň ofisinde: Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly, 81.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026