Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ministrleriniň duşuşygyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy


17-nji ýanwarda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda howpsuzlyk, sanly ulgam, suw hojalygy, ulag we bilim ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm çäreleri hem maslahatlaşdylar. Bu ugurda şu ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa-Ýewopa Bileleşigi” formatyndaky nobatdaky ministrleriň duşuşygyny ýokary derejede geçirmeklige we oňa taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berildi.

Türkmen tarapy degişli duşuşygy geçirmek teklibini geçen ýylda 19-njy gezek geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda öňe sürüpdi.
Taraplar 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum boýunça ýokary derejeli forumyň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem şu ýyl Özbegistanda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşig” formatynda ýokary derejeli ilkinji sammiti geçirmek meýilleşdirilýär.
ORIENT news








