HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Kepil audit maslahat» HK audit pudagynda hyzmatlary ýetirýär

Ýanwar 09, 2024 | 15:05 |11262
«Kepil audit maslahat» hususy kärhanasy telekeçilere, ýuridik şahslara, şeýle hem Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalaryna we wekilhanalaryna audit pudagynda giň ugurly hyzmatlary hödürleýär.«Kepil audit maslahat» hususy kärhanasy telekeçilere, ýuridik şahslara, şeýle hem Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalaryna we wekilhanalaryna audit pudagynda giň ugurly hyzmatlary hödürleýär.
Çeşme: bitsolutionfi.com

«Kepil audit maslahat» hususy kärhanasy telekeçilere, ýuridik şahslara, şeýle hem Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalaryna we wekilhanalaryna audit pudagynda giň ugurly hyzmatlary hödürleýär.

Hyzmatlaryň hataryna şular girýär:

  • maliýe we salgyt auditini geçirmek;

  • Ygtyýarly gaznanyň döredilmeginiň dolulygyny tassyklamak;

  • esasy serişdeleriň we haryt-material ätiýaçlyklarynyň inwentarlaşdyrylmagy hem-de tassyklanylmagy;

  • debitorlyk we kreditorlyk bergileriň inwentarlaşdyrylmagy;

  • maliýe-hojalyk işleriniň seljermesi, konsalting;

  • Türkmenistanyň MHHS we MHMG talaplaryna laýyklykda, kärhanalaryň buhgalterçilik hasabyny gurnamak, gaýtadan dikeltmek hem-de autsorsing.

«Kepil audit maslahat» kompaniýasy audit hyzmatlarynyň bazarynda eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Auditorlaryň ýokary hünär taýýarlyk derejesi, olaryň alymlyk derejeleriniň, halkara CAP şahadatnamasynyň bolmagy, başarnyklary, ykdysadyýetiň we maliýe ulgamynyň dürli ugurlarynda toplan baý tejribeleri hyzmatlary ýokary derejede hem-de bellenilen ygtybarly möhletlerde ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gyzyklanma bildirýän kärhanalara salgyt salmak, maliýe-hojalyk we hukuk işlerini anyklamakda hemişelik esasda kömek berilýär.

Toparyň hünär bilimleri we hünär etikasyna eýerip iş alyp barmagy «Kepil audit maslahat» hususy kärhanasyna müşderilere iň gowy amaly tejribäni, möhüm we ygtybarly maglumatlary bermäge, netijeli çözgütlere eýe bolan ýokary hilli auditorlyk hyzmatlaryny ýetirmäge, şonuň netijesinde hem kärhananyň işewürliginiň ösmegine goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin:

telefon belgisi: (+993 62) 90 15 75;

elektron poçtasynyň salgysy: kepilaudit@gmail.com.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026