HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetika pudagy işjeň ösdürilýär

Ýanwar 08, 2024 | 15:13 |10363
Häzirki döwürde Türkmenistanda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär.Häzirki döwürde Türkmenistanda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär.
Çeşme: trend.az

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna işleýän energetika önümçiligini ösdürmegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, Türkmenistan elektrik pudagynyň bu ugruna aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň gurluşygy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirilmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu barada “Balkan” gazeti habar berýär.

Täze elektrik stansiýalary sebitde dörediljek ilatly ýerleriň elektrik üpjünçiligini has-da gowulandyryp, daşarky bazarlara çykarylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini düýpli artdyrmaga şertleri döreder.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynda önümçilik kuwwaty 1574 megawata deň bolan gaz we bug dolanyşygynda işlejek döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Bu iri desga Türkmenistanda gurulýan kuwwatly we döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikinjisi bolup durýar.

Energetika pudagyndaky döwrebap desgalar ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ýola goýmaga, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberlerini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda jemi kuwwaty 7000 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy işleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026