HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň Döwlet nebit we gaz korporasiýasy çuň suwlarda nebit gazyp almaga başlady

Ýanwar 08, 2024 | 12:07 |11592
Hindistanyň Döwlet nebit we gaz korporasiýasy (ONGC) ýurduň gündogar kenarýakasyndaky Krişna Godawari basseýniniň çuň suwlaryndan nebit gazyp almak işine üstünlikli girişdi.Hindistanyň Döwlet nebit we gaz korporasiýasy (ONGC) ýurduň gündogar kenarýakasyndaky Krişna Godawari basseýniniň çuň suwlaryndan nebit gazyp almak işine üstünlikli girişdi.
Çeşme: gasandmoney.ru

Hindistanyň Döwlet nebit we gaz korporasiýasy (ONGC) ýurduň gündogar kenarýakasyndaky Krişna Godawari basseýniniň çuň suwlaryndan nebit gazyp almak işine üstünlikli girişdi. Bu barada sebitiň iň iri habarlar agentligi bolan “Asian News International” (ANI) habar berýär.

Premýer-ministr Narendra Modi muny Hindistanyň energetika pudagynda uly ädim we ýurduň ykdysadyýeti üçin ähmiýetli waka diýip atlandyrdy.

Korporasiýada bellenişi ýaly, “98/2” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi nebit önümçiliginiň umumy mukdaryny 11%, gaz önümçiligini 15% ýokarlandyrmaga kömek eder.

“ONGC” korporasiýasy taslamanyň birinji tapgyryny 2020-nji ýylyň mart aýynda durmuşa geçirdi. Şonda “KG-DWN-98/2” blogynyň “U” meýdançasynda 10 aýyň içinde rekord derejede gaz çykaryldy. Ýekşenbe güni ilkinji nebit önümçiliginiň başlanmagy bilen Hindistanyň döwlet nebit we gaz korporasiýasy taslamanyň ikinji tapgyryny tamamlamaga golaýlaýar.

Döwlet korporasiýasynyň ilkinji bolup “turbanyň içindäki turba” innowasion tehnologiýasyny ulanandygy bellärliklidir. Önümçilik işleriniň köpüsi Hindistanyň Kattupalli şäherindäki modul önümleri öndürýän kärhanada geçirildi.

Blokdaky galan gaz we nebit ýataklary 2024-nji ýylyň ortalarynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026