HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Wiktor Orban Ýewropa Geňeşiniň wagtlaýyn ýolbaşçysy bolup biler

Ýanwar 07, 2024 | 23:24 |6575
Ýewropa Parlamentiniň häzirki ýolbaşçysy Şarl Mişel şu ýylyň tomsunda öz wezipesini ýerine ýetirmegi wagtyndan öň bes eden ýagdaýynda Ýewropa Geňeşiniň wagtlaýyn başlyklygyna Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy Wiktor Orban bellenip bilner.Ýewropa Parlamentiniň häzirki ýolbaşçysy Şarl Mişel şu ýylyň tomsunda öz wezipesini ýerine ýetirmegi wagtyndan öň bes eden ýagdaýynda Ýewropa Geňeşiniň wagtlaýyn başlyklygyna Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy Wiktor Orban bellenip bilner.
Çeşme: AFP via Getty Images

Ýewropa Parlamentiniň häzirki ýolbaşçysy Şarl Mişel şu ýylyň tomsunda öz wezipesini ýerine ýetirmegi wagtyndan öň bes eden ýagdaýynda Ýewropa Geňeşiniň wagtlaýyn başlyklygyna Wengriýanyň Hökümetiniň Başlygy Wiktor Orban bellenip bilner. Bu barada "Politico" neşiri habar berýär.

Şarl Mişel Belgiýanyň metbugatyna beren beýanatynda saýlawlara gatnaşmak üçin wezipesinden wagtyndan öň terk etjekdigini aýtdy.

Ol saýlanan ýagdaýynda Ýewropa Parlamentdäki wezipä iýul aýynyň ortalarynda girişjekdigi bellenýär. Şonuň üçin-de Ýewropa ýurtlarynyň Liderleri Ýewropa Geňeşiniň wagtlaýyn ýolbaşçysyny tiz wagtda kesgitlemeli bolarlar.

Eger-de döwlet Baştutanlary bu meselede belli bir ylalaşyga gelip bilmedik ýagdaýynda, Ýewropa Geňeşinde 6 aýlap başlyklyk etmek Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň üstüne ýüklener. Aýlanyşyk esasynda onuň ýurdy şu ýylyň iýul aýyndan dekabr aýyna çenli Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk eder.

Bu waka Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Başlygynyň Ýewropa parlamentindäki saýlawlara gatnaşmak üçin wagtyndan öň wezipesini tabşyran ilkinji ýagdaý bolar.

Onuň wezipe ygtyýarlygy şu ýylyň noýabr aýyna çenli dowam etmelidi. Onuň bu çözgüdi hukuk taýdan kabul ederlikli bolsa-da, bu ýagdaý Ýewropa döwletleriniň Liderlerinde uly alada galdyrýar. Sebäbi olar Bileleşigiň ýokary wezipelerini ýolbaşçy saýlajak bolsalar, birnäçe wagt öňünden maslahatlaşýardylar. Indi olar bu çözgütleri gysga wagtda ylalaşmaly ýagdaýa geldiler.

Neşiriň bellemegine görä, 6-9-njy iýunda Ýewropa Bileleşiginiň ähli 27 döwletinde Ýewropa Parlamentiniň saýlawlary geçenden soň, Bileleşige agza döwletleriň Liderleri 17-nji iýunda hem-de 27-28-nji iýunda duşuşarlar. Şol duşuşuklaryň netijesinde bolsa, Şarl Mişeli çalyşmak boýunça ylalaşyga gelner diýlip çaklanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026