HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-de esaslyk maýasy 27 milliard dollar bolan täze kompaniýalar topary dörediler

Ýanwar 04, 2024 | 23:21 |13022
Birleşen Arap Emirliklerinde esasynda 27 milliard ABŞ dollary bolan maýany dolandyrmak üçin täze kompaniýa dörediler. Ol ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda maliýe we dag-magdan ugry boýunça işleri alyp barar.Birleşen Arap Emirliklerinde esasynda 27 milliard ABŞ dollary bolan maýany dolandyrmak üçin täze kompaniýa dörediler. Ol ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda maliýe we dag-magdan ugry boýunça işleri alyp barar.
Çeşme: report.az

Birleşen Arap Emirliklerinde esasynda 27 milliard ABŞ dollary bolan maýany dolandyrmak üçin täze kompaniýa dörediler. Ol ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda, şol sanda maliýe we dag-magdan ugry boýunça işleri alyp barar. Bu barada “Bloomberg” neşirine salgylanyp, “Report” habarlar portaly mälim edýär.

“2PointZero” atly täze kompaniýa 239 milliard ABŞ dollar pul aýlanyşygy bolan “Abu Dhabi International Holding Co” global maýa goýum kompaniýasynyň dolandyryşynyň astynda bolar.

“2PointZero-nyň” maýasy bölekleýin BAE-niň Prezidentiniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi we Prezidentiň dogany Şeýh Tahnun bin Zaýed Al Nahaýýana degişlidir.

Şeýle hem, onuň eýeçiligine 2023-nji ýylyň dekabrynda Zambiýanyň “Mopani” mis känine 1 milliard dollardan gowrak maýa goýan Abu Dabiniň täze “Lunate” gaznasy hem-de “International Resurs Holding” we “Chimera”, “Beltone Finans”, “Citadel Technologies” we “Sagasse Investments” hususy maýa goýum kompaniýalary bar.

“Bloomberg” neşiri Şeýh Tahnun bin Zaýed Al Nahaýýanyň aslynda “Al Nahaýýanlaryň maşgalasynyň işewür lideri” bolandygyny ýazýar. Soňky ýyllarda dünýäniň iň täsirli işewürleriniň birine öwrülen Şeýh Tahnun häzirki wagtda iki gazna, ýurduň iň ýokary karz berijisine öwrülen 300 milliard dollarlyk hususy maýa goýum kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Bellenişine görä, “Abu Dhabi International Holding Co” kompaniýasynyň paýnamalary 3-nji ýanwarda 3,2 göterim ýokarlanyp, soňky 5 aýda iň ýokary derejä ýetdi. Netijede bolsa, kompaniýanyň bazar bahasy 7,5 milliard dollara golaý ýokarlandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026