HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar

Dekabr 28, 2023 | 19:03 |10015
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Çeşme: president.uz

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, hoşniýetli goňşuçylyk we çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hususanda, parlamentara dialogyň çäklerinde ozal gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Taraplar ileri tutulýan ähli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini çuňňur kanagatlanma bilen bellediler.

Özara söwdanyň mukdary ösýär - 2023-nji ýylyň ahyryna çenli söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçer. Paýtagt şäherler Daşkentde we Aşgabatda iki ýurduň söwda öýleri açyldy hem-de häzirki wagtda Şawat-Daşoguz serhet zolagyny döretmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Iki ýurduň öňdebaryjy kärhanalarynyň senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürilýär we sebitara gatnaşyklar barha giňedillýär. Şu ýyl bilelikdäki hökümetara toparynyň we Işewürlik geňeşiniň mejlisleir üstünlikli geçirildi.

Medeniýet günleri, döredijilik toparlarynyň gezelençleri ýaly medeni-ynsanperwer maksatnamanyň çäklerinde birnäçe çäreler geçirilýär.

Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary barada hem pikir alşyldy. 2024-nji ýylda geçiriljek duşuşyklaryň gün tertibine hem garaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026