HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň bilim ministriniň orunbasary iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Dekabr 28, 2023 | 18:08 |7072
28-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.28-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

28-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigi bellenildi.

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Munuň şeýledigini iki tarapyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlary, bilelikdäki maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň we sergileriň geçirilmegi subut edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

1-3.jpg

Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy, maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk, oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran şu gezekki sapary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekligi hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hakynda bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026