HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Dekabr 28, 2023 | 13:56 |13242
Gyrgyzystan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň resmi agzasy boldy. Bu topar Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilipdi.Gyrgyzystan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň resmi agzasy boldy. Bu topar Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilipdi.
Çeşme: akchabar.kg

Bitaraplygyň dostlary toparynyň resmi agzasy boldy. Bu topar Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilipdi.

Bu barada BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Täze agzalar Toparyň işine gymmatly bilimlerini we tejribelerini getirer hem-de hemmeler üçin ygtybarly we dowamly geljegi gurmak üçin bitaraplyk syýasatynyň özgerdiji mümkinçiliklerini ulanmaga kömek eder.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary topary BMG-nyň howandarlygyndaky resmi däl gurluş bolup, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmakda bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge niýetlenendir.

Häzirki wagtda 20-den gowrak ýurt Bitaraplygyň dostlary toparynyň agzasydyr. Olar hususanda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda kabul eden "Halkara Bitaraplyk güni", 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen "Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän orny we ähmiýeti" atly Kararnamalarynyň awtordaşlarydyr.

2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Nýu-Ýorkda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilçiler derejesindäki ilkinji we 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda bolsa bu Toparyň ministrler derejesindäki ilkinji mejlisi geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026