HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer

Dekabr 29, 2023 | 04:32 |8879
Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi  Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň  we Özbegistanyň çäginden geçer. Bu barada Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň saýtynda habar berilýär.Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi  Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň  we Özbegistanyň çäginden geçer. Bu barada Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: e-cis.info

Ýolçularyň Hökümetara geňeşi tarapyndan guralýan VII halkara awtomobilli ýörişi Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçer. Bu barada Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň saýtynda habar berilýär.

Awtomobilli ýöriş 2024-nji ýylyň 28-nji aprelinden 8-nji maýy aralygynda geçiriler. Onuň uzynlygy 2500 kilometrdir.

Awtomobilli ýörişiň ugry Baku-Guba - Azerbaýjanyň Russiýa bilen serhedi-Derbent-Mahaçkala-Astrahan-Russiýanyň Gazagystan bilen serhedi-Atyrau-Beýneu-Gazagystanyň Özbegistan bilen serhedi-Nukus-Hywa awtoýollary boýunça geçer.

Halkara awtomobilli ýörişiň çäklerinde Baku Mahaçkala we Nukus şäherlerinde üç sany halkara maslahat guralar, göçme halkara okuw maslahaty geçiriler. Şeýle hem ýerlerde awtoýol işini, awtomobil ýollaryň, köprüleriň taslamasyny taýýarlamagy, gurmagy we ulanmagy wagyz etmäge gönükdirilen duşuşyklar geçiriler.

Awtomobilli ýörişe gatnaşyjylary kabul edýän her bir ýurt olar üçin ýörite maksatnama guraýar. Hususan-da, gatnaşyjylar taryhy ýerlere, medeni we tehniki desgalara, şol sanda intellektual ulag ulgamlary toplumlaryna, awtoulag serişdeleriniň agramyny ölçemek nokatlaryna, serhet nokatlaryna, awtoýol gurluşyk desgalaryna baryp görerler.

Halkara awtomobilli ýöriş Ýolçularyň Hökümetara geňeşiniň 46-njy we 47-nji mejlislerinde kabul eden çözgütleri esasynda geçirilýär. Duşuşyklar 2023-nji ýylyň 24 aprelinde Duşenbe şäherinde (Täjigistan Respublikasy) we 2023-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Astana şäherinde (Gazagystan Respublikasy) geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026