HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan aspirant: birinjili derejeli hytaý dili mugallymy bolmak isleýärin!

Dekabr 25, 2023 | 20:24 |10976
Aýnura Azadowa Türkmenistandan Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň häzirki wagtda uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynda “Hytaý dili daşary ýurt dili hökmünde” hünäri boýunça aspirantura bilimini alýar.Aýnura Azadowa Türkmenistandan Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň häzirki wagtda uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynda “Hytaý dili daşary ýurt dili hökmünde” hünäri boýunça aspirantura bilimini alýar.
Çeşme: russian.china.org.cn

Aýnura Azadowa Türkmenistandan Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň häzirki wagtda uniwersitetiň Halkara medeni alyş-çalyş institutynda “Hytaý dili daşary ýurt dili hökmünde” hünäri boýunça aspirantura bilimini alýar. Onuň sözlerine görä, Hytaýda okamak we ýaşamak arkaly ol diňe bir hytaý medeniýeti bilen tanyşman, eýsem köp sanly dostlary hem gazanypdyr.

Hytaý Internet Maglumat Merkezi (HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Maglumat býurosynyň döwlet web-portaly we Hytaýyň halkara neşirýat topary) tarapyndan çap edilen makalada Aýnura: “Men Hytaýy gowy görýärin we birinji derejeli hytaý mugallymy bolup bilerin diýip umyt edýärin” diýip belleýär.

1 (1).jpg

Zähmeti söýmegi aňladýan “Aýnuli” – bu gyzyň özi üçin saýlan hytaý adydyr.

Hytaý dilini öwrenmek prosesi çylşyrymly we kynçylyklardan doly, ýöne Aýnura bu zatlardan lezzet alýar. Hytaý dili Hytaýy öwrenmek üçin gapylary açmaga kömek etdi we hytaý medeniýetine düşünmek üçin köpri gurdy. Gyz boş wagtlaryny hem kitap okamak bilen geçirýär.

Ýakynda, Şanhaýda “Hytaýy okamak” atly Halkara talyplaryň 1-nji Bütinhytaý hekaýa bäsleşigi geçirildi. Şahsy gatnaşyk görnüşde geçirileen ýarym final we final tapgyrlara 31 ýurtdan we 45 uniwersitetden 102 daşary ýurtly talyp gatnaşdy. Aýnura hem ýaryşa gatnaşyp, üçünji orny eýeledi.

2.jpg

Hytaý-Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy bilen Aýnura Hytaýda has köp dost edinmäge, hytaý dilini gowy öwrenmäge we açyk, öz içine alyjy, özara peýdaly we parahatçylykly ösüş ýolunda iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda goşant goşmak isleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026
Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

Meksika 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda howpsuzlygy güýçlendirdi: robot-itler stadionlara gözegçilik edýär

12:00 Iýun 25, 2026