Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Duşenbede geçirilen halkara medeni festiwala gatnaşdy

Dekabr 25, 2023 | 17:31 |7613
23-nji dekabrynda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.23-nji dekabrynda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

23-nji dekabrynda Duşenbe şäherinde “Gündogar-Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we ýewraziýa halk sungaty” atly Halkara festiwaly geçirildi. Sergi meýdanynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan sergi burçy guraldy.

Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, milli halylar we keşdeler, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda häzirkizaman gazananlaryny görkezýän maglumatlar bilen tanyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň, ylmy intelligensiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Täjigistanyň we daşary ýurtlardan döredijilik toparlary gatnaşdy.

Halkara festiwalyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň diplomy bilen sylaglandy.

1.jpg

Festiwalyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa bilen Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar medeniýet, sungat, syýahatçylyk we metbugat pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler we dostlugyň hem-de iki ýurduň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagy üçin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026