Görüş mümkinçiligi çäkli çagalar üçin BAE-de okuw seminary geçirildi


Halkara Olimpiýa komitetiniň ýardam bermeginde Halkara küşt federasiýasy (FIDE) Aziýa küş federasiýasy we Zaid adyndaky guramasy (BAE) “Görüş mümkinçiligi çäkli çagalar üçin küşt. Öwren we öwret” atly şahsy gatnaşykdaky ilkinji Aziýa okuw seminaryny gurady. Ol El-Aýn şäheriniň Maslahatlar merkezinde geçirildi.

Oňa 14 döwletden, şol sanda Türkmenistandan küşt boýunça türgenlerdir mugallymlar gatnaşdylar. 20-den gowrak gatnaşyjy görenini ýadynda saklap bilmeýän (autist) çagalara küşt öwretmegiň usulyýet maksatnamasyny özleşdirdiler hem-de gymmatly bilimleri ele aldylar.

Okuw maslahatyna şeýle hem Aziýa küş federasiýasynyň baş sekretary Hişam al-Taher, Zaid adyndaky guramanyň ýerine ýetiriji direktory Abdulla Ismail Alkamali, FIDE-niň müdiriýetininiň başlygynyň orunbasary Dana Reýzniýese-Ozola we beýlekiler gatnaşdylar.
Okuw seminaryna aýratyn kömege mätäç çagalary terbiýelemek, okatmak bilen meşgullanýan hünärmenler, psihiatorlar we FIDE-niň tälimçileri çykyş etdiler.

19-njy dekabrda FIDE, Aziýa küşt federasiýasy we Zaid adyndaky gurama bilelikdäki hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu resminama görenini ýadynda saklap bilmeýän (autist) çagalara küşt oýnamagyň endiklerini öwretmekde uly ädimdir.
ORIENT news








