HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen energetika we ulag ulgamy boýunça iki Kararnamany kabul etdi

Dekabr 21, 2023 | 19:13 |10674
BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy dekabrda, sişenbe güni 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde, Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen energetika we ulag ulgamy boýunça iki Kararnamany kabul etdi.BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy dekabrda, sişenbe güni 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde, Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen energetika we ulag ulgamy boýunça iki Kararnamany kabul etdi.
Çeşme: news.un.org

BMG-niň Baş Assambleýasy 19-njy dekabrda, sişenbe güni 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde, Türkmenistan tarapyndan işlenip düzülen energetika we ulag ulgamy boýunça iki Kararnamany kabul etdi.

“Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy roly” atly Kararnama 38 döwlet awtordaş boldy.

Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi, şol sanda hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly we döwrebap energiýa elýeterliligini goşmak bilen milli, sebit we dünýä derejesinde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesini üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habarynda aýdylýar.

Ondan öň Türkmenistan 2024-nji ýylyň başynda strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak we energiýa birikmesi we energiýa çeşmeleriniň hereketi babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň durnukly ösüş üçin esasy roluny ykrar etmek we içerki energiýa çeşmeleri çäkli ýurtlaryň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça halkara hünärmenler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

BMG-niň BA tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen kabul edilen ýene bir Kararnama “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” diýlip, atlandyrylýar. Oňa 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.

Ol agza döwletleri durnukly ösüşiň ähli ugurlarynda ulag ulgamynyň we ulag infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.

Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin täsirli halkara platformalary döretmäge başlady. 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulaglar boýunça 1-nji global konferensiýasy üstünlikli geçirildi. 2022-nji ýylyň tomsunda Türkmenbaşyda BMG bilen hyzmatdaşlykda gurnalan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň konferensiýasy geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026