Aşgabatda iň oňat agyr atletikaçylar kesgitlenildi


16-njy dekabrda, Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen energetika orta mekdebinde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça Aşgabat çempionaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň atletika sport federasiýasy habar berdi.
Umuman alanyňda, şäher ýaryşy dürli agram kategoriýalarynda 10 çempiony ýüze çykardy:
• Kulamow Baratali (52 kg)
• Bagow Wladimir (52 kg);
• Ilbaýew Ýazmuhammet (60 kg);
• Orazow Döwlet (75 kg);
• Narkulow Kamil (82 kg);
• Mironow Aleksandr (82 kg);
• Ezizow Muhammet (90 kg);
• Ilýas Babamyradow (110 kg);
• Manaýew Kadyr (120 kg);
• Emirgulyýew Saparmämmet (+120 kg);
Ýakynda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda hem: Bişkekdäki WPC pawerlifting boýunça dünýä çempionatynda we Samarkanddaky armrestling boýunça Aziýa kubogynda medallara mynasyp bolandyklaryny ýatlap geçeliň.
Pawerlifting ýaryşynda 203 türgeniň arasynda altyn medal gazanan Şatlyk Rahmanow ýeňiji boldy. Armrestling boýunça ýaryşda 22 ýurtdan 526 gatnaşyjynyň arasynda Röwşen Çopanow (sag we çep elde) we Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça sport federasiýasynyň başlygy Ahmet Pirow (çep elde) kümüş baýragy aldylar. Türkmen atleti Azat Permanow hem Aziýa kubogynda bürünç medaly (sag elde) gazandy.
ORIENT news








