HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan TOPH taslamasy bilen bagly Türkmenistanyň maýa goýumlaryna goşmaça kepillik hödürlär

Dekabr 21, 2023 | 01:13 |9757
Bu çözgüt Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna Türkmenistanyň gönükdirýän maýa goýumlaryny ýörite Kanun esasynda düzgünleşdirmegi wezipe edip goýýar.Bu çözgüt Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna Türkmenistanyň gönükdirýän maýa goýumlaryny ýörite Kanun esasynda düzgünleşdirmegi wezipe edip goýýar.
Çeşme: hartenergy.com

Pakistanyň Hökümeti "Daşary ýurt maýa goýumlaryny goramak we giňeltmek hakynda" Kanunyň (FIPPA) hereket ediş gerimini giňeltmek barada çözgüdi kabul etdi. Bu çözgüt Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna Türkmenistanyň gönükdirýän maýa goýumlaryny ýörite Kanun esasynda düzgünleşdirmegi wezipe edip goýýar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrliginiň ýokary derejeli wekili aýtdy diýip, "The News International" habar berýär.

Bu ädim halkara maýa goýujylaryň gözüniň öňünde taslamanyň maýa çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükidirilendir. Bahasy 10 milliard ABŞ dollary möçberinde bahalanýan gaz geçiriji taslama Türkmenistandan tebigy gazy Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ibermegi göz öňünde tutýar.

Taslamanyň gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan maliýeleşdiriljek böleginiň 85 göterimi Türkmenistana, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň her birine bolsa 5 göterimden düşer.

"FIPPA" Kanuny mundan ozal Pakistanyň Bulujystan sebitiniň "Reko Dik" atly mis-altyn magdan känine gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlaryny goramak maksady bilen ýörite kabul edildi. Indi bu Kanun TOPH taslamanyna gönükdirilýän türkmen maýasyna goşmaça kepilligi hödürlär.

Bellenişi ýaly, Pakistan Kabul edýän ýurduň Hökümeti (HGA) bilen ylalaşygyna laýyklykda, türkmen maýasyna garaşsyz kepillikli goraglylygy eýýäm üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, "FIPPA 2022" Türkmenistanyň taslama maýa goýmagy üçin kepillikler bir ýere jemleýän "Bir penjire" bolup hyzmat eder.

Degişli bilermenler degişli çözgütden gelip çykýan borçnamalara baha bermek boýunça 31-nji dekabra çenli iş alyp bararlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026