HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýelli harasatda ýiten 4 aýlyk çaga agaç şahalarynyň “sallançagynda” uklap ýatan ýagdaýda tapyldy

Dekabr 18, 2023 | 00:04 |15260
Güýçli ýel göçürip bolýan öýüň diwarlaryny weýran edende Sidni Mur sallançakda ýatan Lord diýip at beren bäbejigine topuldy. Ýöne ony tutup ýetişmedi. Ol diňe bäbejikli sallançagyň tupanyň girdabyna düşüp, gözden ýitenini gördi.Güýçli ýel göçürip bolýan öýüň diwarlaryny weýran edende Sidni Mur sallançakda ýatan Lord diýip at beren bäbejigine topuldy. Ýöne ony tutup ýetişmedi. Ol diňe bäbejikli sallançagyň tupanyň girdabyna düşüp, gözden ýitenini gördi.
Çeşme: WSMV

Güýçli ýel göçürip bolýan öýüň diwarlaryny weýran edende Sidni Mur sallançakda ýatan Lord diýip at beren bäbejigine topuldy. Ýöne ony tutup ýetişmedi. Ol diňe bäbejikli sallançagyň tupanyň girdabyna düşüp, gözden ýitenini gördi.

Onuň ulagynyň daşky görnüşi sandan çykyp, ABŞ-nyň Tennesi ştatynyň Klarkswil şäherindäki göçme öýi we onuň töweregi doly weýran boldy.

Sidniniň aňyny 4 aýlyk oguljygyny indi hiç wagt görüp bilmerin gorkusy gurşap aldy. Muňa garamazdan, ol bäbejigini yhlasly gözledi.

We gudrat bolup geçdi.

“Çaganyň düşen ýeri agaçdan ýasalan sallançaga meňzeşdir” diýip, Mur “WSMV” teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim edýär. Onuň çagasy ýykylan agajyň egri ýerine zelel ýetmesiz we sagdyn galypdyr. Sidniniň uýasynyň aýtmagyna görä, kiçijik Lordy hamala perişde tupandan halas edip, sallançaga meňzeş agaçda goýup giden ýaly.

Sidniniň uýasy Keýtlin maşgalanyň ýitiren maddy ýitgileriniň öwezini dolmak üçin “GoFundMe” haýyr-sahawat çäresini gurady. Onda eýýäm 68 müň dollar pul ýygnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026