HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Almatyda ýara çişmelerini bejerýän Merkezi Aziýadaky ilkinji sanly düzüm emele getiriler

Dekabr 17, 2023 | 22:34 |7501
Onkologik keselleri şöhle arkaly bejermek üçin Merkezi Aziýada ilkinji sanly innowasion ulgam Almaty şäherinde emele getiriler. Respublikanyň Saglyk ministrliginiň mälim etmegine görä, täze düzüm onkologik hassalary bejermek täze mümkinçilikleri açar.Onkologik keselleri şöhle arkaly bejermek üçin Merkezi Aziýada ilkinji sanly innowasion ulgam Almaty şäherinde emele getiriler. Respublikanyň Saglyk ministrliginiň mälim etmegine görä, täze düzüm onkologik hassalary bejermek täze mümkinçilikleri açar.
Çeşme: sputnik.kz

Onkologik keselleri şöhle arkaly bejermek üçin Merkezi Aziýada ilkinji sanly innowasion ulgam Almaty şäherinde emele getiriler. Respublikanyň Saglyk ministrliginiň mälim etmegine görä, täze düzüm onkologik hassalary bejermek täze mümkinçilikleri açar.

Ulgam hassanyň dem alşyna gözegçilik etmäge we onuň hereketine görä şöhleleri awtomatik usulda sazlamaga ukyplydyr.

Bellenişi ýaly, her gün 100 töweregi onkologiýa keselli hassalar Almatynyň onkologiýa merkezinde şöhle arkaly bejeriş alýarlar. Bu usul keseliň başky tapgyryndaky şol sanda bu keselli hassalaryň saglyklaryny bejermek, olaryň ömürlerini uzaltmak üçin-de örän wajypdyr.

Şeýle hem Merkezi Aziýadaky ilkinji bolup Gazagystanda, has dogrusy Astanadaky Milli ylmy onkologiýa merkezinde proton bejeriş işi amala aşyrylyp başlanar. Täze merkez býujet esasynda maliýeleşdirilýän maýa goýum taslamasy bolup, ony durmuşa geçirmäge Şweýsariýdan we ABŞ-dan iri halkara kompaniýalar çekildi.

Täze saglyk merkezinde ýylda 6 müň hassa radioşöhlelenme barlaglaryny geçirmek, oňa garşy derman serideşdelerini öndürmek we bu babatda bejergileri alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Kyzylordanyň onkologiýa merkezi üçin öňdebaryjy lukmançylyk toplumy satyn alyndy. Ol “Kazakstan halkyna” atly jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

Iki ulag serişdesinden ybarat göçme lukmançylyk toplumy tomosintez barlagy, bilermen derejesindäki ultrases ulgamy, ýokary takyklyga eýe kompýuter tomografy bolan sanly mammografik enjamlar bilen üpjün edilendir. Ýaponiýada öndürilen şeýle görnüşdäki lukmançylyk enjamy Gazagystanda ilkinji gezek işe girizilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026