HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen sungat işgärleri Pariždäki gala konsertinde çykyş etdiler

Dekabr 17, 2023 | 19:22 |10537
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleler boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždäki Baş edarasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi.Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleler boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždäki Baş edarasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleler boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždäki Baş edarasynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi.

Konserte 7 ýurtdan 70 töweregi sungat işgärleri gatnaşyp, olaryň çykyşlar 1500-den gowrak tomaşaçyny özüne çekdi.

Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

8937583945.jpg

Konserte TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, TDG-nyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew şeýle-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ilçileri, hemişelik wekilleri we wekilleri hem gatnaşdylar.

“Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we halk aýdymlary ýaňlanan baýramçylyk çäresi, şeýle hem bu sebitiň dürli ýurtlarynyň milli eşiklerini geýip gelen artistleriň türki dünýäsiniň ýerli tanslary köpçüligiň ýokary bahasyna eýe boldy”-diýip, Türkmenistanyň DIM-niň web sahypasynda habar berilýär.

2.jpg

Türkmen artistleri gadymy däp-dessurlaryň häzirki zaman sungatynda nähili şöhlelenýändigini ajaýyp görkezýän “Kuşdepdi” milli tansymyzy ýerine ýetirdiler. Türkmenleriň “Kuşdepdi” aýdym aýtmak we tans etmek sungaty, 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik Reprezentatiw sanawyna girizildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026