HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan - ÝB: ýakyn wagtda geçiriljek 2023/2024 forumlaryň gün tertibinde ulag we energetika

Dekabr 16, 2023 | 00:26 |8749
“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk, 18-nji dekabrda Brýusselde geçiriler. Duşuşygyň ertesi güni, 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk, 18-nji dekabrda Brýusselde geçiriler. Duşuşygyň ertesi güni, 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.
Çeşme: orient.tm

“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk, 18-nji dekabrda Brýusselde geçiriler. Duşuşygyň ertesi güni, 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.

Türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde geçiriljek Ulag boýunça maýa goýum forumyna hem gatnaşar. Ýewropa komissiýasy tarapyndan gurnalan bu forumda yklymyň iki sebitiniň - Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmaga gyzyklanma bildirýän jemgyýetçilik we hususy pudagyň wekilleri, maýadarlar birleşerler.

Bu çäre, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky tarapyndan amala aşyrylan we 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda neşir edilen Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşyklary baradaky ÝK-niň ozalky gözleginiň dowamy bolar.

Bu gepleşikiň dowamy hökmünde indiki ýylyň ikinji çärýeginde döwlet edaralaryndan şeýle-de hususy ulag we logistika kompaniýalaryndan ulag pudagy boýunça hünärmenleriň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär. Bu simpoziumy Aşgabatda geçirmek baradaky teklip 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 19-njy duşuşygynda yglan edildi we duşuşyga gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýanatynda görkezilişi ýaly makullandy.

Bu çäreler barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer we Türkmenistanyň daşary işler ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowa ÝB bilen özara gatnaşyklar barada hasabat berip, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ÝB-niň degişli gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we energetika pudagynda tejribe alyşmak üçin duşuşyklary guramak boýunça teklibi hödürledi.

Şeýle hem 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026