HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyplary halkara ylmy-amaly maslahatda ýeňiji boldular

Dekabr 16, 2023 | 12:28 |3385
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Samara döwlet sosial-pedagogika uniwersiteti tarapyndan "Dil. Medeniýet. Şahsyýet" ady bilen geçirilen ýaş alymlaryň 17-nji halkara ylmy-amaly maslahatynda ýeňiji boldular.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Samara döwlet sosial-pedagogika uniwersiteti tarapyndan "Dil. Medeniýet. Şahsyýet" ady bilen geçirilen ýaş alymlaryň 17-nji halkara ylmy-amaly maslahatynda ýeňiji boldular.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Samara döwlet sosial-pedagogika uniwersiteti tarapyndan "Dil. Medeniýet. Şahsyýet" ady bilen geçirilen ýaş alymlaryň 17-nji halkara ylmy-amaly maslahatynda ýeňiji boldular.

Çärä Russiýanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň 25-e golaý ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Onuň çäklerinde geçirilen 18 mejlisde mugallymçylyk, dil we edebiýaty öwreniş we beýleki ugurlara degişli 120-den gowrak çykyşlar edildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Daniel Gerbiň "Magtymgulynyň goşgularynyň terjimelerinde türkmençilik däpleri" atly çykyşynda geljek ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenjek şahyryň edebiýata goşan aýratynlyklary barada durlup geçilýär. Türkmenistanly talybyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenilip, ol maslahatyň 2-nji derejeli diplomyna eýe boldy.

Şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Arslan Mämmedow "Ýaşlaryň gepleşikde iň köp ulanýan žargon sözleriniň sözlügi" atly tema boýunça çykyş etdi. Onda rus dilini üstüni doldurýan žargon sözleriniň gelip çykyşynyň esasy ugurlary yzarlanýar. Taslama bu boýunça düşündirişli sözlügi taýýarlamagy hem öz içine alýar. Eminleriň gelen netijelerine görä, onuň çykyşy maslahatyň birinji derejeli diplomy bilen sylaglandy.

Bilelikdäki awtordaşlykda döredilýän sözlüge her bir ulanyjy onlaýn ýagdaýda öz sözlerini girizmäge hödürläp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026