GDA döwletleriniň Hökümet Baştutanlary 18-nji dekabrda Moskwada duşuşarlar


Gyrgyz Respublikasynyň başlylyk etmeginde 18-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Oňa agza döwletleriň ykdysadyýet we medeniýet ministrleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Onda Arkalaşygyň çäginde medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Çäräniň Arkalaşygyň çäginde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gönükdiriljekdigi bellenýär.
Duşuşykdan soň GDA agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada beýannama kabul etmekleri meýilleşdirilýär. Bu resminama medeniýetler arasyndaky gepleşikleri çuňlaşdyrmak, Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni dürlüliginde özara düşünişmegi we birek-birege hormat goýmagy pugtalandyrmak we GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeni hem-de siwilizasiýa dürlüligini wagyz etmek üçin bilelikdäki işiň esasy ugurlaryny kesgitlär.
20-nji dekabrda bolsa Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçiriler.
ORIENT news








