HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi

Dekabr 16, 2023 | 03:16 |5898
14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.

Daşarky bazara Britan Wirgin adalarynyň telekeçileri “KO-20” kysymly yşyklandyryş kerosinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden tekiz boýalan we tüýjümek önümleri satyn aldylar, şeýle hem türkmen telekeçileri bilen pagta önümleriniň agardylan süýümlerini we dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Içerki bazar üçin türkmen telekeçileri Oba hojalk ministrligi bilen pagta galyndysyny, pagta soapstokunyň distillirlenmedik çig ýag turşulygyny we pagta soapstokunyň çig ýag turşulygyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda umumy bahasy 6 480 000 manat we 14 591 725 dollar bolan sekiz geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanyşyp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026