HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

XI Türkmen-german lukmançylyk forumy - saglygy goraýyş ulgamy boýunça bilermenleriň dialogynyň ösüşi

Dekabr 15, 2023 | 00:46 |7781
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy sanly ulgam arkaly gurnalyp - iki ýurtdan bolan kärdeşleriň duşuşygy 14-15-nji dekabr aralygynda uzak aralykdan geçirilýär.XI Türkmen-german lukmançylyk forumy sanly ulgam arkaly gurnalyp - iki ýurtdan bolan kärdeşleriň duşuşygy 14-15-nji dekabr aralygynda uzak aralykdan geçirilýär.
Çeşme: "Alyn asyr" teleýaýlymyndan alnan

XI Türkmen-german lukmançylyk forumy sanly ulgam arkaly gurnalyp - iki ýurtdan bolan kärdeşleriň duşuşygy 14-15-nji dekabr aralygynda uzak aralykdan geçirilýär.

Simpoziuma GFR-nyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýewiň adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, ylmy we kliniki merkezleriň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

1.jpg

Duşuşygyň dowamynda dürli keselleriň öňüni almak, irki anyklaýyş we bejermek, gyssagly kömek hyzmatlaryny guramak, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlardaky özara gatnaşyklaryň meselelerine seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Türkmen-german lukmançylyk forumy 2011-nji ýyldan bäri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýanyň Ýokary derejeli bilermenler gullugynyň (SES) arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň başlaly bäri yzygiderli geçirilýär. Bu özara gatnaşyklaryň çäginde 192 nemes professory tejribe alyşmak üçin uzak wagtlap Türkmenistana çagyryldy. Bilermenler dürli ugurlar boýunça seminarlar geçirýärler, şeýle hem, çylşyrymly neýrohirurgiki amallary, radiasiýa diagnostikasy we angiografiýa ugry we ortopediki we beýleki şikesli näsaglary bejermegiň iň soňky usullary boýunça hünärmenleri taýýarlaýarlar. Takmynan 400 türkmen lukmany Germaniýanyň belli klinikalarynda tejribe geçdiler.

2-1.jpg

X Türkmen-german forumy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda sanly ulgam arkaly geçirilipdi.

Mundan başga-da, taraplar lukmançylyk ylmynyň we tejribäniň käbir meseleleri boýunça wagtal-wagtal webinarlary hem gurnaýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026