HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi


8-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we atşynaslyk sungatyny dünýä giňişliginde dabaralandyrýan halkara başlangyçlarynyň hem-de nusgalyk işleriniň taryhy ähmiýetine bagyşlanan giňişleýin söhbetdeşlik geçiriidi. Onuň dowamynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlere bagyşlanan pikir alyşmalar boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we Türkmen atlary döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Bilim miniistrligine degişli bilim ojaklarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan- şöhratyny belende galdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp msalahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde ýurdumyzyň sergi pawilýonlarynyň guralmagy ýurduymzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny äşgär etdi. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berdiler we şunda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alyp barýan işine möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ýokary okuw mekdebinde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyza ahalteke bedewleriniň çeper döredijilikde dabaralandyrylmagyna zerur üns berilýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, heýkeltaraşlar we zergärler ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge at esbaplarynyň häzirki zaman görnüşlerini taýýarlamaga hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşýärler. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açýar.
“Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata gatnaşyjylar atçylyk ulgamy boýunça ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynda dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.
ORIENT







