Raşid Meredow BMGÖM-nyň ýolbaşçysy bilen gepleşikleri geçirdi


Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, wise-premýer Raşid Meredow Aşgabat şäherine gelen iş sapary bilen BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA-nyň býurosynyň sebit direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşdy. Ara alyp maslahatlaşmalar ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMGÖM-nyň arasyndaky bilelikdäki 27 sany taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen tassyklanýan özara gatnaşyklaryň strategiki häsiýetine ünsi çekdiler. Şeýle-de söhbetdeşler Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak meselesinde Türkmenistana mundan beýläk-de goldaw bermegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iwana Ziwkowiç, Türkmenistanyň sanly ulgama geçmekdäki özgerişleri babatynda gören çärelerine ýokary baha berdi we onuň bu ugurda ýakyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda hyzmatdaşlygyň ýokarlanandygy bellendi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy býuronyň sebitleýin direktoryna ýakynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP28) 28-nji maslahatynda Türkmenistan tarapyndan kabul edilen borçnamalar we resminamalar barada habar berdi şeýle hem, döwlet Baştutanynyň öňe süren başlangyçlary barada-da durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, wise-premýer BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň administrasiýasyny konferensiýada hödürlenen teklipleriň bilelikde durmuşa geçirilmegi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine garamaga çagyrdy.
ORIENT habarlary








