HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Dekabr 11, 2023 | 11:55 |4996
Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow “Dialog –  parahatçylygyň kepili” şygary bilen geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy.Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow “Dialog –  parahatçylygyň kepili” şygary bilen geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow “Dialog – parahatçylygyň kepili” şygary bilen geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen duşuşdy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselesiniň üstünde durup geçdiler, şeýle hem ulag, ýangyç-energetika ulgamynda we hususan-da, gaz we elektrik energiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi çekdiler.

Söhbetdeşler dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň bir bölegi hökmünde iň ýokary we ýokary derejeli saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň esasy ugurlaryndan biri hökmünde kesgitlediler we onuň iki ýurduň taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň umumylygyna esaslanýandygyny bellediler.

ORIENT habarlary

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026