Türkmenistanyň DIM-de azyk hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gutsu bilen hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirdi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda söhbetdeşler azyk we daşky gurşaw howpsuzlygy, tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak we sanly ýer kadastry uglamyndaky bilelikdäki işleriň giň toplumy hakynda pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk bellendi we ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde edýän tagallalary aýratyn bellendi. Bu nukdaýnazardan, taraplar şu ýylyň mart aýynda türkmen paýtagtynda 7 ýurtdan 20-den gowrak wekili we birnäçe halkara guramasynyň wekillerini bir ýere jemlän azyk howpsuzlygy maslahatyny agzap geçdiler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy sebitde azyk durnuklylygyny üpjün etmek meselesiniň çäginde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanda FAO-nyň edarasyny açmak boýunça amaly çäreleriň üstünde hem durup geçdiler.
ORIENT habarlary








