HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň daşary işler ministri HGHK-niň sebit wekili bilen duşuşdy

Dekabr 11, 2023 | 10:40 |3998
Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: centralasia.news

Ýekşenbe güni, 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilçiliginiň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlik wagtynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine baha berdiler we ýurduň hökümeti bilen HGHK-niň arasyndaky özara gatnaşyk meýilnamalaryny kesgitlediler. Şeýle hem söhbetdeşler Komitetiň sebitdäki alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar we HGHK-niň milli hyzmatdaşlarynyň Halkara ynsanperwerlik hukugynyň (HYH) mümkinçiliklerini artdyrmaga we guramanyň ýaşlara gönükdirilen işjeňliginiň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy, ýurtda HYH-ny ösdürmekde özara gatnaşyklaryň oňyn netijelerini, Komitetiň Türkmenistandaky edarasynyň ynsanperwerlik hukuklary babatynda habardarlygy ýokarlandyrmakdaky işjeňligini we HYH-ny milli kanunçylyga goşmak boýunça tagallalarynda milli häkimiýete goldaw berýändigini belledi.

ORIENT habarlary

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026