Aşgabatda startap forumy: networking we täzeçil ugurly telekeçileri taýýarlamak


Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda startap forumy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşiginiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek taslamasynyň esasynda durmuşa geçirilýän “Başlangyç ekosistemasy - 2023” maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Häzirki wagtda işe girizilmeginiň 4-nji ýyllygyna girýän bu maksatnama ýaşlaryň innowasion telekeçiligini we Türkmenistanda hyzmatlar bazarynda işewürligi ösdürmegi maksta edinýär.

Startap forumy “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilip, oňa Aşgabatdan, Daşoguzdan we Marydan 100-den gowrak adam, şol sanda ýurduň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň, iş üpjünçilik merkezleriniň, konsalting edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre maksatnama gatnaşyjylar, şeýle hem meýletin terbiýeçiler - “Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler Bileleşigi” milli jemgyýetçilik birleşiginiň “Mugallymlar mekdebi” taslamasynyň uçurymlary bilen duşuşmak we aragatnaşyk gurmak, şeýle-de Startap-ekosistema başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin amatly meýdança bolu hyzmat etdi. Geljekde halypa-terbiýeçiler - “Mugallymlar mekdebi” taslamasynyň çäginde saýlanan we taýýarlanan işewür, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň tejribeli hünärmenleri ýaş telekeçilere özbaşdak işlerini döretmäge we bazara üstünlikli girmäge kömek ederler.

Forumyň dowamynda ýerli we halkara hünärmenlerden elektron söwdanyň häzirki tendensiýalary, başlangyç ekosistemalary döretmekde halkara tejribesi bilen tanyşmak we işewürlik taslamalaryny üstünlikli görkezmek ýaly mowzuklar boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar “Startap ekosistemasy” maksatnamasynyň ähmiýetini, onuň ýurtda innowasiýa telekeçiligini ösdürmäge ýakyndan ýardam edýändigi bellenildi. Maksatnama 2024-nji ýylda işjeň durmuşa geçirmek tapgyryna gadam basýar. Ol maksatnama gatnaşyjylary işewürlik taslamalarynyň soňky bäsleşigine taýýarlamak bilen dowam etdirer.

ORIENT news








