Maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi


7-8-nji dekabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde “GDA agza ýurtlaryň maglumat ulgamyndaky özara gatnaşyklary barada” ady bilen agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda daşary syýasaty goldamak we metbugat bilen işlemek üçin maglumat goldawynyň görnüşleri we aýratynlyklary barada pikir alyşma lar geçirildi. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy halkara maglumat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki zaman kynçylyklary we degişli düşünjeleri we gurallary ösdürmek maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen daşary syýasat edaralarynyň iş usullaryny we daşary ýurtly we milli taraplar bilen özara gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Akkreditasiýa, hünär derejesi we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň işi barada durlup geçildi.

Duşuşykda GDA-da bolup geçen möhüm wakalar üçin maglumat goldawynyň netijeliligini we ýaşlar bilen işleşmegiň aýratynlyklaryna aýratyn üns berildi. Gün tertibine sanly diplomatiýa we daşary syýasaty babatda maglumat goldawynda täze gurallary ulanmak meselesi girizildi.
ORIENT news








