HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylda türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek boýunça ylalaşyk baglaşyldy

Dekabr 09, 2023 | 20:22 |6946
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara energetika taslamalary müdiriýetiniň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşyp, 2024-nji ýylda goňşy döwlete türkmen elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak barada pikir alyşdy.Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara energetika taslamalary müdiriýetiniň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşyp, 2024-nji ýylda goňşy döwlete türkmen elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak barada pikir alyşdy.
Çeşme: pajhwok.com

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara energetika taslamalary müdiriýetiniň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen duşuşyp, 2024-nji ýylda goňşy döwlete türkmen elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamanyň möhletini uzaltmak barada pikir alyşdy. Bu barada "TOLO" habarlar agentligi mälim edýär.

“Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylary TOP elektrik geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine taýýarlyk görmekden başga-da, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli taraplaryň işiniň sazlaşykly ýola goýulmalydygyny nygtaýarlar. Hyratda "Noor al-Jihad" kiçi elektrik bekediniň ýakyn wagtda ulanylmaga berilmegi üçin işler çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar" diýip, owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy belledi.

Owgan tarapy bu energiýa taslamasynyň Owganystan üçin möhümdigini, sebäbi onuň iri kärhanalaryň talabalaýyk işlemegini ýola goýjak zerur elektrik energiýasy bilen üpjün etmegine uly umyt baglaýandyklaryny aýtdy.

Mundan başga-da, DABS owgan energiýa kompaniýasynyň ozalky başlygy Amanullah Galeb, Türkmenistandan iberilýän elektrik energiýasynyň ýokary hillidigini aýtdy.

Häzirki wagtda owgan hökümeti öz çäginde elektrik öndürmek we paýlamak üçin 200 töweregi taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026
Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda dolanyşygy dokuz aýda 475 milliard dollara ýetdi

17:00 Oktýabr 16, 2026
ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýran bilen bagly täze sanksiýalary girizdi

15:00 Oktýabr 16, 2026