HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit direktory üç günlük resmi iş sapary bilen Türkmenistana barar

Dekabr 08, 2023 | 15:26 |11792
BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary we BMGÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary we BMGÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.
Çeşme: BMG

BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary we BMGÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.

Türkmenistan hökümetiniň çakylygy boýunça hanym Ziwkowiç 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara forumyna gatnaşar we Birleşen milletleriň guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň adyndan çykyş eder.

Hanym Žiwkowiç ýurtda bolan wagtynyň dowamynda, ýokary derejeli Hökümet wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň ösüş mümkinçiliklerini we jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak, sanly üýtgeşmeler we sosial gorag ýaly milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny çözmäge gönükdirilen köpden bäri dowam edip gelýän strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşar.

Hanym Ziwkowiç Türkmenistandaky resmi saparynyň wagtynda BMGÖM tarapyndan goldanylýan milli saglygy goraýyş edaralaryna baryp görer we öňde baryjy ykjam PCR barlaghanasyny Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gowşurar. Bu barlaghana anyklaýyş mümkinçiliklerini we gurşawyny giňeltmek arkaly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrar.

BMGÖM-iň sebit direktory, şeýle hem, hünär okuwy we iş mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly maýyplara mümkinçilik döretmek baradaky bilelikdäki başlangyç netijesinde abatlanan we täzelenen Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň karton we çap ussahanasyna baryp görer.

Mundan başga-da, hanym Žiwkowiç BMG-nyň wekilleri we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen duşuşar we 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026