Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

TMK-nyň talyby Halkara “Glieriň güýzi” bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragynyň eýesi boldy

Dekabr 05, 2023 | 14:15 |8127
Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.
Çeşme: TMK

Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.

2017-nji ýyldan bäri her ýyl kompozitoryň hormatyna Moskwada “Glieriň güýzi” wideo ýazgylaryna esaslanýan ýaş ýerine ýetirijiler üçin bäsleşik geçirilýär. Bu ýyl R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşigi 15-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda geçirildi.

Шаблон изображения в тексте.jpg

Maýa Kulyýewanyň adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby, wiolonçel hünäri boýunça 20-25 ýaş aralygyndaky kategoriýa gatnaşan Döwletow Annaoraz birinji derejeli baýragy aldy. Bäsleşigiň maksatnamasyna Nury Halmämedowyň “Şygyr” we Dawid Popperiň wiolonçel we fortepiano üçin wenger rapsodiýasy degişlidir.

Mugallymy Yusupgeldi Gandymowa we konsertmeýsteri Jennet Hudaýgulyýewa hem talybyň üstünlikli taýýarlanmagy üçin Halkara bäsleşik şahadatnamalary gowşuryldy.

Annaoraz Döwletow TMK-nyň ýörite orta sazçylyk mekdep-internatyny tamamlap, ussat mugallym Jemal Muhammedowanyň synpynda okady.

Annaoraz talyp wagty Uly simfoniki orkestrinde, kamera orkestrinde we TMK-daky Tahyr Ataýew orkestrinde, şeýle hem Döwlet simfoniki orkestrinde çykyş edýärdi we konserwatoriýada ýekelikde konsert berýärdi.

Jemal AGAJANOWA

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026