HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýädäki paýy 40 göterime ýetdi

Dekabr 05, 2023 | 16:53 |11977
2022-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen täze energetika desgalarynyň 83 göterimi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna elektrik energetikasyny öndürýär.2022-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen täze energetika desgalarynyň 83 göterimi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna elektrik energetikasyny öndürýär.
Çeşme: eenergy.media

2022-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen täze energetika desgalarynyň 83 göterimi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna elektrik energetikasyny öndürýär. Gaýatdan dikeldilýän energetika desgalarynyň umumy kuwwaty 9,6 göterim artyp, 295 gigawata deň boldy. Şonuň 192 gigawaty Gün, 75 gigawaty hem ýel energetikasyna degişlidir.

Häzirki wagtda dünýädäki elektrik energiýasynyň 40 göterime golaýy gaýatdan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýar. 2030-njy ýyla çenli dünýä atmosferasynyň ýylylyk derejesini 1,5 gradus pese düşürmek maksadyna ýetmek üçin bu mukdaryň häzirkisinden 3 esse ýokary bolmagy zerurdyr. ýokary bolmadyk ýylylyk maksadyna ýetmek üçin kuwwaty 2030-njy ýyla çenli üç esse ýokarlanmalydyr. Bu barada Bütindünýä metreologiýa guramasynyň we Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentligiň hasabatynda mälim edilýär.

Hünärmenler gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde esasy kynçylyklaryň biri tebigy howanyň üýtgemegi (mysal üçin, El-Niño ýaly tebigy hadysalar sebäpli) bilen bagly bolandygyny bellediler. Şol sebäpli ýel energiýa önümçiliginde möwsümleýin we dürli-dürli üýtgemeler 15 göterime ýetip bilýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bil baglamak üçin howanyň üýtgemegini has takyk çaklamagy öwrenmek gerek. Sebäbi elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň barha artýan häzirki döwründe dünýä atmosferasyny sowatmak üçin köp zatlar gerek bolýar. Bu babatda Afrika iň geljegi uly yklymlaryň biridir. Bu yklymda öndürilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa dünýä möçberiniň bary-ýogy 2 göterimini düzýär. Emma bu yklymyň tebigy aýratynlyklary energetikanyň bu pudagyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär diýip, hasabaty taýýarlan alymlar belleýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026