HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy

Dekabr 05, 2023 | 12:56 |6178
Türkmenistan ilkinji gezek 5-nji dekabrda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy.Türkmenistan ilkinji gezek 5-nji dekabrda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan ilkinji gezek 5-nji dekabrda Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçirilen TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy.

Hemişelik sekretariatyň Baş sekretary Aset Asawbaýew we beýleki agzalar Ýewropa Bileleşigine agza we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen “Ýewropa - Kawkaz - Aziýa” ulag geçelgesi halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyna goşulmagy bilen Türkmenistany gutladylar. Şeýlelikde bu Maksatnama gatnaşýan döwletleriň sany 14-e ýetdi.

Mejlise Türkmenistany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew gatnaşdy. Onda halkara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, hususan-da, multimodal ulag meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2.JPEG

2016-2026-njy ýyllar üçin “Ýewropa - Kawkaz - Aziýa” halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça Hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi we halkara TRASEKA şertnamasyna goşulmak, bu ulag geçelgesi boýunça halkara awtoulag daşamalaryň rugsat ulgamynyň netijelerine we bu ugur boýunça geçirilen ýükleriň jemlerine garaldy.

Duşuşygyň gün tertibinde Demir ýollary hyzmatdaşlyk guramasy bilen TRASEKA-nyň Hökümetara geňeşiniň hemişelik sekretariatynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň taslamasy, TRASEKA-nyň Işewürlik geňeşiniň esasy düzgünleri we bu düzümiň 17-nji mejlisine taýýarlyk we beýleki guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026