HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owgan neşiri: TOPH dostlugy pugtalandyrjak ägirt uly taslamadyr

Dekabr 03, 2023 | 15:23 |14927
Dünýäde dostlugy we ynamy berkitmek Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilýän metbugat sammitiniň esasy mowzugy boldy. Oňa dünýäniň 197 sany habar beriş serişdeleriniň 450-den gowrak wekili gatnaşýar.Dünýäde dostlugy we ynamy berkitmek Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilýän metbugat sammitiniň esasy mowzugy boldy. Oňa dünýäniň 197 sany habar beriş serişdeleriniň 450-den gowrak wekili gatnaşýar.
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň günortasyndaky Guangdong welaýatynyň Guançžou şäherinde 3-nji dekabrda açylan V Bütindünýä metbugat sammitine gatnaşýan owgan wekiliýeti türkmen kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň barşynda gyzyklanma bildirilen ilkinji mowzuklaryň biriniň TOPH taslamasynyň bolmagy, oňa goňşy owgan döwletinde näderejede uly gyzyklanma bildirilýändiginden habar berýär.

"Bu ägirt uly ykdysady taslama, Türkmenistanyň we Owganystanyň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrar" -diýip, "Bakhtar" habarlar agentliginiň baş direktory Zia-ul-Hak Hakmal "Media-Türkmen" habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýew bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hakmal köp garaşylýan gaz geçirijiniň onuň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we tutuş sebit üçin möhümdigini belläp geçdi. Owganystan jemgyýetçilik desgalarynyň gurluşygynda, ýeňillikli elektrik üpjünçiliginde, yzygiderli ynsanperwer kömegini bermekde, ýurduň pudaklary üçin üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda we beýleki ugurlarda Türkmenistanyň Hökümetiniň berýän goldawyna ýokary baha berýär.

Bir gün mundan öň, Owganystanyň demir ýol pudagynyň işgärleriniň bir topary Türkmenistanda 4 aýlyk hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçip, Watanyna dolandylar.

Dünýäde dostlugy we ynamy berkitmek Hytaýyň Guançžou şäherinde geçirilen metbugat sammitiniň esasy mowzugy boldy. Oňa dünýäniň 197 sany habar beriş serişdeleriniň 450-den gowrak wekili gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026