HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Dekabr 03, 2023 | 00:48 |9721
Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Çeşme: cop28.com

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Serdar Berdimuhamedow öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýokary wezipeli ýolbaşçysyny Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana we dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçýän COP28 maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy. Döwlet Baştutany sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa laýyklykda daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak, ekologiýa taýdan we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususan-da, nebitgaz, ulag we elektroenergetika ulgamlarynda ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Umumy pikire görä, türkmen ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklary uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bar bolan kuwwaty has doly derejede amala aşyrmaga ýardam berer.

Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026