HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda zyňyndylaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýär

Dekabr 01, 2023 | 22:47 |7925
2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa
Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede
goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi diýip, Prezident Serdar
Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň
maslahatynda (COP-28) eden çykyşynda mälim etdi.2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa
Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede
goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi diýip, Prezident Serdar
Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň
maslahatynda (COP-28) eden çykyşynda mälim etdi.
Çeşme: “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň suratlary

2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda (COP-28) eden çykyşynda mälim etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär

1.jpg

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

2.jpg

Şeýle hem, Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda (COP28) maslahatynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi.

3.jpg

Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026