HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý halkara awtomobil gatnawlary barada Ylalaşyk baglaşdy

Noýabr 29, 2023 | 19:44 |12921
Çarşenbe güni, 29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.Çarşenbe güni, 29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Çarşenbe güni, 29-njy noýabrda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.

1 (1).jpg

Duşuşykda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen 5-nji mejlisden soňky döwürde iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly durmuşa geçirilendigi we Komitet tarapyndan kesgitlenen köp meseleleriň ýerine ýetirilendigi bellendi.

2 (1).jpg

Energetika we ulag-logistika pudaklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy ýaly ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurlygy barada şeýle hem, iki ýurduň telekeçileri üçin ylmy we tehnologiki üstünlikleri alyşmak we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly iş gurşawyny döretmek boýunça bir pikire geldiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

3.jpg

Türkmenistanyň we Hytaýyň tehnologiki ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek we iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler tapmak boýunça uly potensialyň bardygy mälim edildi.

4.jpg

Gepleşikleriň netijesinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna we Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýa ministrliginiň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna şeýle hem iki ýurduň hökümetleriniň arasynda halkara ýol ulaglary baradaky Ylalaşyga gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026