HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistandaky Merkezi Aziýanyň “Ýaşyl” uniwersiteti seýit döwletlerinde dalaşgärleri okuwa kabul edýär

Noýabr 29, 2023 | 09:48 |142237
Şu ýyl Özbegistanda döredilen Merkezi Aziýanyň “Ýaşyl” uniwersiteti bakalawr, magistratura we doktorlyk okuw maksatnamalaryna arzalaryň kabul edýär.Şu ýyl Özbegistanda döredilen Merkezi Aziýanyň “Ýaşyl” uniwersiteti bakalawr, magistratura we doktorlyk okuw maksatnamalaryna arzalaryň kabul edýär.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu ýyl Özbegistanda döredilen Merkezi Aziýanyň “Ýaşyl” uniwersiteti bakalawr, magistratura we doktorlyk okuw maksatnamalaryna arzalaryň kabul edýär. Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Uniwersitetde bilim bermek işini abraýly daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda alyp barmak meýilleşdirilýär. Okuwlar iňlis dilinde kredit usulynda bahalandyrmak usulynda alnyp barlar. Okuwyň birinji ýyly esasy maksatnama bagyşlanar we soňra 3 ýyllyk bakalawr bilim ulgamyna laýyklykda alnyp barlar. Okuwyny dowam etdirmek isleýänler magistr okuw maksatnamasyna ýazylyp bilerler.

Uniwersitetiň bakalawr okuw maksatnamasy şu hünär ugurlaryny öz içine alýar: daşky gurşaw we durnukly dolandyryş, ekologiýa we ykdysadyýet, ekologiýa we döwlet dolandyryşy; magistr maksatnamasy - daşky gurşaw hukugy, daşky gurşaw žurnalistikasy, durnukly ösüş we durnukly maliýe.

Her ýyl Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyn uniwersitetiň bakalawr okuw maksatnamasynda okamaklary üçin azyndan 25 grant ýeriniň, şeýle hem magistr we doktorlyk okuwlarynda (PhD) kesgitlenen tertipde we şertlerde azyndan 20 grant ýeriniň bölünip berilýändigi bellenilýär.

Okuw üçin sowalnama şu salgy boýunça tabşyrylyp bilner.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026