HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçüsi "Ýol we guşak" atly halkara ýaryşda ikinji orny eýeledi

Noýabr 28, 2023 | 16:19 |7640
Bu ýaryşa Hytaýdan, Mongoliýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 27 türgen gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara sport ussady we 2-si FIDE ussadydyr.Bu ýaryşa Hytaýdan, Mongoliýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 27 türgen gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara sport ussady we 2-si FIDE ussadydyr.
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkmenistanly küştçi, halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew Hytaýyň Sinhuandao şäherinde "Ýol we guşak" ady bilen geçirilen 3-nji halkara ýaryşda kümüş medal gazandy. Saparmyrat 4 oýunda ýeňiş gazanyp, galanlarynda deňme-deň oýnady we netijede mümkin bolan 9 utukdan 6.5 utuk toplady. Ikinji tapgyr oýunlarda Saparmyrat hatda ýaryşyň ýeňijisini-de ýeňmegi başardy. Hytaýly küştçi Hung Renji Saparmyratdan ýeňlenden soň, beýleki türgenler bilen yzly-yzyna oýunlary geçirip, 7 utuk toplady we ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Kümüş medaldan başga-da, Saparmyrat üçünji we soňky grossmeýster kadasyna ýetdi we Elo reýtingini 2497 bal ýokarlandyrdy. Saparmyrat ýene-de 3 bal gazanyp, Elo reýtingini 2500-e ýetirip bilse, resmi taýdan “grossmeýster” adyny alar we ýurdumyzyň taryhynda onunjy grossmeýster bolar.

Bu ýaryşa Hytaýdan, Mongoliýadan, Türkmenistandan we Gyrgyzystandan 27 türgen gatnaşdy. Olaryň 8-si grossmeýster, 6-sy halkara sport ussady we 2-si FIDE ussadydyr.

Häzirki wagtda Saparmyrat 26-30-njy dekabr aralygynda Samarkantda rapid we blis usulynda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026