HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FIFA Katar Qatar Airways bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Noýabr 29, 2023 | 04:05 |7741
Halkara futbol federasiýasy Kataryň Qatar Airways milli awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.Halkara futbol federasiýasy Kataryň Qatar Airways milli awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.
Çeşme: theaviatorme.com

Halkara futbol federasiýasy Kataryň Qatar Airways milli awiakompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli uzaltdy.

2017-nji ýyldan bäri ýola goýlan hyzmatdaşlyk, şeýle hem birnäçe futbol ýaryşlaryny, şol sanda 2026-njy we 2030-njy ýyllarda erkekleriň arasynda geçjek dünýä çempionatlarynyň, 2027-nji ýylda zenanlaryň arasynda geçjek dünýä çempinatyny, şeýle hem beýleki ýaryşlary şöhlelendirmegi öz içine alýar.

2022-nji ýylda Katarda geçen futbol boýunça dünýä çempionatynda bolşy ýaly, Qatar Airways ýörite syýahatçylyk paketlerini, şol sanda oýunlara petekleri, uçar peteklerini we myhmanhanada bolmagy özünde jemleýän paketleri hödürlär.

“Şu gün men Qatar Airways bilen FIFA-nyň arasynda hyzmatdaşlygymyzy uzaldýandygymyzy habar berýändigime örän buýsanýaryn. Bu ajaýyp hyzmatdaşlyk FIFA, şeýle hem Qatar Airwaysa uly üstünlik getirdi” diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino aýtdy. 2030-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary üç yklymda alty ýurtda geçiriler.

2022-nji ýylyň Katarda geçen dünýä çempionatynda bu awiakompaniýa 14 müňe ýakyn uçuşy amala aşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026