HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Gazagystan ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekdiler

Noýabr 27, 2023 | 14:13 |14056
26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çeşme: orient.tm

26-27-nji noýabrda Aşgabatda Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň degişli ulag ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

1.jpg

Iş toparynyň mejlisine türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew, gazak tarapyndan bolsa ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew ýolbaşçylyk etdi.

2.jpg

Duşuşykda gara ýol, demir ýol we deňiz ulaglary babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we logistika guramalaryna goldaw meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3.jpg

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

4.jpg

Resminama ulag we daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini döretmegi, degişli düzümleriň işini sazlaşdyrmagy, deslapky we beýleki maglumatlary alyşmak üçin sanly çözgütleri girizmegi we beýleki işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem ulag ulgamynyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekilleriniň arasynda hemişelik iş toparyny döretmek kararyna gelindi.

5.jpg

Bu duşuşyk Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekilmegi bilen tamamlandy.

6.jpg

Dialogy dowam etdirmek üçin ýygnaga gatnaşyjylar 2024-nji ýylda Halkara ýol ulaglary boýunça türkmen-gazak toparynyň indiki mejlisini geçirmegi ylalaşdylar. Bu toparyň öňki mejlisi şu ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026