HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary üçin ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlary geçirer

Noýabr 28, 2023 | 09:19 |7353
Ýewropa täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürlerini ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlara gatnaşmaga çagyrýar.Ýewropa täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürlerini ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlara gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: Ýewropa täzeleniş we ösüş banky tarapyndan

Ýewropa täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürlerini ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlara gatnaşmaga çagyrýar.

Webinarlar 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry-- 7-nji dekabry aralygynda dört ugur—oba hojalygy, dokma senagaty, syýahatçylyk we gurluşyk boýunça geçiriler. Sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary ara alyp maslahatlaşmalar görnüşinde iňlis dilinde (rus diline sinhron terjime edilip) guralar.

Okuw maslahatlaryna BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Halkara maliýe korporasiýasy (IFС), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) ýaly halkara guramalaryň we beýleki halkara düzümleriň wekilleri gatnaşarlar. Olar kiçi we orta işewürlik bilen meşgullanýan telekeçiler bilen howanyň üýtgemeginiň wehimlerine uýgunlaşmak we durnukly ösmek babatda tejribe paýlaşarlar.

28-nji noýabrda “Has ýaşyl ösdürip ýetişdirýäris: oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikler, çözgütler we mümkinçilikler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

30-njy noýabrda “Ýaşyl moda: dokma we egin-eşik önümçiliginde durnukly ösüş” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

5-nji dekabrda “Durnukly geljegiň hatyrasyna myhmansöýerlik: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we syýahatçylyk ulgamynda mümkinçilikler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

7-nji dekabrda “Howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak: gurluşyk ulgamynda ýük getirmeleriň zynjyry üçin wehimler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026