HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy bilen bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Noýabr 26, 2023 | 22:54 |8092
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, bu duşuşykda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada maslahatlaşyldy, esasan hem ykdysady meselelere we iki ýurduň arasyndaky möhüm taslamalara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan Owganystandaky syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça halkara tagallalarynyň çäginde işjeň hereket edýär, goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwer kömegini iberýär, ol ýerde sosial desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär we TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, TOP elektrik geçirijisi, demir ýollary abatlamak, täze ýollar gurmak we ş.m. ýaly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurduň ykdysady taýdan dikelmegine goşant goşýar.

2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda Owganystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe ulag geçelgesi döredildi. Häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde ulanmak üçin ähli tagallalar edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026