HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Kuraş boýunça dünýä çempionatyny şöhlelendirmäge taýýar

Noýabr 26, 2023 | 13:05 |5723
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.
Çeşme: tdh.gov.tm

Aşgabat şäherindäki «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforum geçirildi. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen media forum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мир24», «TRT Avaz», «CCTV» we «EURONEWS» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Olarda Aşgabatda iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026