HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet haryt çig-mal biržasynda nebithimiýa, ýeňil senagatyň, oba hojalygyň önümleri we el halylary satyldy

Noýabr 25, 2023 | 16:20 |13944
Şol gün jemi bahasy 11 million manatdan we 24,15 million dollardan gowrak bolan 16 geleşik baglaşyldy.Şol gün jemi bahasy 11 million manatdan we 24,15 million dollardan gowrak bolan 16 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: exchange.gov.tm

24-nji noaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwda geleşiklerinde içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagatyň, oba hojalygynyň önümleri we türkmen el halylary satyldy.

Malta Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudy, Türkiýe we Owganystan döwletleriniň işewürleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden "B" kysymly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler "Türkmennebit" döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudyny, ýerli işewürlerden bolsa, jins matalary hem-de karbamidi satyn aldylar. Türkmen işewürleri Oba hojalyk ministrliginden pagta çigidiniň tüýjümegi we çig ýag turşulygy ýaly önümleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Dokma senagaty ministrliginden boýalan agyr flanel matalaryny kreton taýýar düşekçe toplumlaryny, aşgarlanmadyk biz we nah matalaryny hem-de türkmen el halylary satyn alyndy.

Şol gün jemi bahasy 11 million manatdan we 24,15 million dollardan gowrak bolan 16 geleşik baglaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026