HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň lukmançylyk maslahaty geçiriler

Noýabr 25, 2023 | 02:33 |8198
8-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň gatnaşmagynda we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ylmy maslahat geçiriler. Forumyň gün tertibinde ilatyň saglygy bilen baglanyşykly meseleler we olara garşy bilelikdäki tagallalar bar.8-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň gatnaşmagynda we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ylmy maslahat geçiriler. Forumyň gün tertibinde ilatyň saglygy bilen baglanyşykly meseleler we olara garşy bilelikdäki tagallalar bar.
Çeşme: orient.tm

8-9-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň gatnaşmagynda we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ylmy maslahat geçiriler. Forumyň gün tertibinde ilatyň saglygy bilen baglanyşykly meseleler we olara garşy bilelikdäki tagallalar bar.

Wise-premýer Nurmuhammet Amannepesowyň anna güni Türkmenistanyň Hökümetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, halkara foruma guramaçylyk taýynlyklary BSGG bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Foruma 30-dan gowrak ýurtdan 60-dan gowrak wekiliýetler gatnaşar – olar tejribe geçýän lukmanlar, alym-lukmanlar, saglyk ugurly we beýleki hünärmenlerdir.

Goşulyşmazlyk hereketi 120 töweregi ýurdy we ýene 18 synçyny özüne birleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, 2023-nji ýylyň mart aýynda Bakuwda geçirilen COVID-19-a garşy göreşmek boýunça aragatnaşyk toparynyň sammitinde çykyş edip, bu ugurda ýeterlik bolmadyk ýurtlara dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny üznüksiz eltip bermek üçin adalatly logistika döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Hereketiň agza döwletleriniň arasynda saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany epidemiýa garşy göreşmek üçin umumy bilim binýadyny we usullaryny döretmegi teklip etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026